Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telekeçileri peterburgly kärdeşleri bilen aragatnaşygy ýola goýýarlar

12:4116.02.2020
0
742

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Sankt-Peterburgyň (RF) iri kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi.

Myhmanlara Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümi we işi, onuň gazananlary, durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar, şol sanda gazylyp alynýan tebigy baýlyklary çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça, ulag-logistika pudagyndaky, ýol gurluşygyndaky, balyk senagatyndaky, IT-tehnologiýalary ornaşdyrmakdaky taslamalar hakynda gürrüň berildi. Şeýle-de, türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň eksport mümkinçilikleri bellenilip geçildi.

Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan yzygiderli ädimlere ýokary baha bermek bilen, “Wozroždeniýe”, “Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy”, “Omega”, “Gerofarm”, “Petrosoft” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary wideo we multimediýa serişdelerini ulanmak bilen öz mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşlaryny geçirdiler.

Türkmen telekeçileri Sankt-Peterburgyň kompaniýalary tarapyndan ýol-ulag gurluşygy, elektrogurnama işleri ugrunda, şol sanda baýramçylyk illýuminasiýasynyň guramaçylygy, ýük we ýolagçy gämileriniň hem-de deňiz platformalarynyň gurluşygy boýunça, şeýle hem farmasewtikada we IT-senagatynda üstünlikli durmuşa geçirilýän taslamalara baha berip bildiler.

Gürrüňdeşligiň barşynda oňa gatnaşyjylar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça gyzyklanmany tassykladylar. Bilelikdäki aragatnaşygyň mümkinçilikleri, şol sanda peterburg kärhanalarynyň iri maýa goýum taslamalarynyň bilelikde durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy hakynda özara pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň