Hökümet mejlisi: telekeçiler senagatda 5,7, oba hojalygynda we azykda 17,2 göterim ösüş gazandylar

15:2715.02.2020
0
625

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary şu ýylyň ýanwar aýynda senagat önümlerini 5,7 göterim hem-de oba hojalyk we azyk önümlerini 17,2 göterim köp öndürdiler. Bu barada 14-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Mejlisiň başrynda Türkmenistanyň Prezidenti telekeçiligiň döwlet tarapyndan mundan buýana-da goldanyljakdygyny aýtdy.

Häzir ýurtda ykdysadyýetiň agramly bölegi bu birleşigiň agzalaryna ― hususyýetçilere degişlidir. Türkmen hususyýetçileri döwletiň goldawy bilen ykdysadyýetiň we beýleki uruglaryň ähli şahalaryna ýaýraýarlar. Olaryň önümçiligi we alyp barýan işleri bolsa dünýä ýüzündäki ykrarnamasyny beýgeldýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň