Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: ýanwar aýyndaky birža söwdalarynda 2,5 müň şertnama baglaşyldy

15:2115.02.2020
0
583

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar aýynda birža söwdalarynyň 22-si geçirilip, 2 müň 404 şertnama hasaba alyndy. Umumy girdejiniň möçberi 25,8 göterim artdy. Bu barada 14-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berildi.

Geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidenti bu biržanyň işine gaýtadan seretdi. Bu bolsa söwdalardaky uly ösüşe itergi boldy. Häzir Türkmenistanyň DHÇMB tarapyndan her hepde millionlarça dollarlyk we manatlyk geleşikler baglaşylýar. Daşary ýurt işewürleri, esasan, dokam önümlerine we nebitgaz senagatynyň önümlerine isleg bildirýärler.

Geçen ýyl I Hazar Ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda geçirilen söwdada biržanyň taryhy rekordy goýuldy.

Şeýle hem ýylyň ilkinji aýdynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 46,9 göterim, gazanylan peýdanyň möçberi bolsa 51 göterim artdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň