Hökümet mejlisi: Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi 6 göterime golaý ösüş gazandy

15:0615.02.2020
0
893

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow 14-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna söwda we ykdysadyýetiň hususy ulgamynda 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndaalnyp barlan işler barada hasabat berdi.

TDH-nyň habarynda aýdylyşy ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda söwda dolanyşygynyň möçberi 5,8 göterim artdy.

6 göterime golaý ösüş Türkmenistanyň söwda toplumynda oňyn netijeleriň gazanylýandygyny görkezýär. Häzir ýurtda importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçilik we olaryň söwdasy baradaky syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň