Hökümet mejlisi: ýanwar aýynda 16,5 müň telefon nokady gurnaldy

14:5915.02.2020
0
707

2020-nji ýylyň ýanwar aýynda aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanda 16,5 müň telefon nokady gurnalyp, meýilnama 109,9 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada wise-premýer B.Öwezow 14-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Türkmenista elektrik aragatnaşyk kärhanalarynyň hyzmatlary barha döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär.  Şeýle hem sebitlerde täze aragatnaşyk öýleri gurulýar. Geçen ýylyň aprel aýynda şeýle aragatnaşyk öýleriniň biriniň Hojambaz etrabynda açylyp, ulanylmaga berlendigini habar beripdik.

Şu ýylyň öňüsyrasynda bolsa sebitlerde täze telefon nokatlarynyň çekilýändigi habar berildi. Şol işleriň netijesinde ýylyň ilkinji aýynda ýene-de 16,5 müň nokatda täze belgiler birikdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň