Hökümet mejlisi: energetika ulgamynda 1,5 esse ösüş gazanyldy

14:1615.02.2020
0
474

Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 124,2 göterime deň boldy hem-de meýilnama 150,3 göterim berjaý edildi. Bu barada wise-premýer Ş.Durdulyýew 14-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna habar berdi.

Ýanwar aýynda 2 milliard 471 million 210 müň kilowatt-sagat elektrik energiýasy öndürilip, meýilnama 126,1 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini bolsa 115,1 göterime barabar boldy.

Ýokarky maglumatlardan hem görnüşi ýaly, elektroenergetika pudagy ýylyň ilkinji aýynda iň köp ösüş gazanylan pudaklaryň biridir. Hatda ýyllyk meýilnama 1,5 göterim berjaý edildi.

Häzir türkmen elektroenergiýasynyň dünýä ýüzündäki hyrydarlary barha köpelýär. Ministrlik häzir TOP elektrik geçirijisiniň gurluşygyny alyp barýar. Ýakynda geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti bu işde baý tejribesi bolan ozalky wise-premýer Ç.Purçekowy energetika ministri wezipesine belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň