Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: Gurluşyk we binagärlik ministrliginde ilkinji aýyň meýilnamasy 102 göterimden gowrak berjaý edildi

13:4615.02.2020
0
979

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 2020-nji ýylyň ilkinji aýynda önümçilik meýilnamasy 102,2 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini bolsa 102,5 göterime barabar boldy. Bular barada 14-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Döwrebap mümkinçilikleri barha giňeldilýän ministrlik, şeýlelikde, ýylyň ilkinji aýyny üstünlikli jemledi. Häzir ministrlik tarapyndan ýurduň paýtagtynda we sebitlerinde ýüzlerçe ýerde gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda 2019-njy ýylyň jemlerine bagyşlap geçiren Hökümet mejlisinde bu ministrligiň öňünde täze wezipeleri goýdy.

Türkmenistanda gurluşyk işlerini döwrebap derejede alyp barmakda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem uly paýynyň bardygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň