Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda oba, suw hojalyklary we atçylyk ulgamy ilkinji aýy üstünlikli jemledi

13:2715.02.2020
0
959

14-nji fewralda ýanwar aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanyna oba, suw hojalyk ulgamlarynda we «Türkmen atlary» döwlet birleşiginde geçirilen işleriň jemleri, şeýle hem welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Tutuşlygyna, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 110,4 göterime barabar boldy. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 109,4 göterim, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 129,8 göterim hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,5 göterim derejesine ýetirildi. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 120,2 göterim berjaý edildi.

2020-nji ýylda bu pudaklaryň üstüne uly paý düşýär. Gyşyň häzirki günlerinde täze oba hojalyk möwsüminiň düýbi tutulýar. «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bolsa Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X ýyllyk ýubileýine hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görýär. Şu ýyl bu goşa baýramyň esasy dabaralary Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň