Soňky habarlar

Arhiw

Ýanwar aýynda Türkmenistanda nebitgaz serişdeleri boýunça meýilnamalar doly berjaý edildi

13:1815.02.2020
0
741

Ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanyp, 14-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Türkmenistanyň Prezidentine ýurduň nebitgaz ulgamynda ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 109,7 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 103,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 107,2 göterim, çalgy ýaglarynyň önümçilik meýilnamasy bolsa 103 göterim ýerine ýetirildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 135,5 göterime, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgini 106,1 göterime, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň ösüş depgini 104,2 göterime deň boldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, onuň önümçilik, ylmy-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak wezipeleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşandyny üpjün eder.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri nebitgaz toplumyna uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi. Pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, içerki bazarda hem-de daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň köp görnüşlerini çykarýan nebit we gazhimiýa önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti pudagyň kärhanalarynyň esasy tehniki-ykdysady görkezijileriniň ýeten derejesini saklamak hem-de tutuş sebit üçin möhüm ähmiýetli Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylyşyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmak babatda degişli çäreleri görmek barada görkezmeler berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň