Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Awazada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

12:5715.02.2020
0
15155

Şu günler Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň duşuşyklaryna güýçli depginde taýýarlyk görýär. Bu duşuşyklaryň aprel aýynda Lýuksemburgda geçiriljekdigini ýatladýarys. Milli ýygyndynyň häzirki düzümini «Galkan», «Oguzhan», «Şir», «Watançy» ýaly toparlaryň oýunçylary düzýär. 

Türkmen hokkeýçilerine tälim bermek işine russiýaly meşhur hünärmen, dünýäniň we Ýewropanyň iki gezek çempiony, Olimpiýa oýunlary ― 1998-iň kümüş medalynyň eýesi Sergeý Nemçinow ýakyndan ýardam berýär. Onuň ýolbaşçylygynda nobatdaky duşuşyklar ýakyn günlerde «Awaza» sport toplumynda ýerleşýän buzly meýdançada dowam eder. Bu toplumda hokkeýçileri öňdäki dünýä çempionatyna ählitaraplaýyn taýýarlamak üçin giň mümkinçilikler bar.

Türkmen hokkeýçileriniň maksady dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynda ýeňiji bolup, indiki çempionatlarda ikinji dwizionda ýaryşmakdan ybaratdyr. Geçen ýyl olar bu maksada juda ýakyn gelipdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň