“Mançester Siti” toparyna 2 ýyllyk jerime

09:3015.02.2020
0
4233

UEFA Angliýanyň “Mançester Siti” toparyny 2 ýyllap Ýewrokuboklara gatnaşmakdan mahrum etdi. Şeýlelikde, “Mançester Siti” toparynyň eden çykdajylarynyň “Maliýe Fair-Play” düzgünlerine gabat gelmeýändigi üçin 2020–2021 hem-de 2021–2022 möwsümlerinde UEFA-nyň hiç biri ýaryşyna gatnaşmaz. Şol bir wagtyň özünde-de topar 30 million ýewro möçberinde jerime tölemeli edildi. “Mançester Siti” topary UEFA-nyň gelen netijesini Bütindünýä sport kazyýetine (CAS) arz edip biler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň