Daşoguz welaýatynda aşpezleriň bäsleşigi geçirildi

15:3014.02.2020
0
1693

Daşoguz şäherindäki “Galkynyş” toý mekanynyň giň eýwanynda Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan “Tagamly eller” atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Onda şu bäsleşigiň etrap we şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan ussat aşpezler öz aralarynda bäsleşdiler ― diýip, «Dashoguz.live» habar berýär.

Bäsleşige gatnaşýan aşpezler myhmansöýer türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň dowamynda milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegine we özboluşly durmuş ýörelgesine öwrülen baý aşpezlik däplerini açyp görkezmek bilen, öz taýýarlan milli tagamlary bilen bäsleşigiň eminlerini, myhmanlary tanyşdyrdylar. Bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlarynda palaw, çelpek, köje, tamdyrlama, dograma, jöwen kürtügi we beýleki milli tagamlaryň taýýarlanyş usullary, şeýle hem olar bilen baglanyşykly edim-gylymlar, toý däpleri baradaky gyzykly maglumatlara giň orun berildi.

Milli tagamlary taýýarlamagyň inçe syrlaryna, ene-mamalarymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän görüm-göreldesine eýerip, ezber aşpezleriň taýýarlan tagamlary emin agzalarynyň, bäsleşige gatnaşýan myhmanlaryň ýokary bahalaryna mynasyp boldy.

Şeýle hem, baýramçylyk saçagynyň bezelişine we olaryň taryp edilişine hem üns berildi. Şeýlelikde, birinji orna Gubadag etrabyndandaky 57-nji orta mekdebiniň mugallymy Gülnabat Goçmedowa, ikinji orna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji çagalar bagynyň aşpezi Sülgün Weýisowa, üçinji orna bolsa Görogly etrabyndaky Ýagtylyk geňeşligindäki oba medeniýet öýüniň müdiri Gözel Sabyrowa mynasyp boldular. Ýeňiji bolanlara hormat hatlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň