Soňky habarlar

Arhiw

«Owadan syýahat» dünýä neşirleriniň sahypalarynda

14:1214.02.2020
0
25339

Dünýä belli syýahatçylyk neşirleri bolan «Adventure travel» bilen «The travel guide» öz sahypalarynda «Owadan syýahat» syýahatçylyk agentliginiň işine orun berdi. Makalalarda «Owadan syýahatyň» gyzykly we maliýe taýdan elýeterli syýahatlary gurnaýandygy aýratyn nygtalýar. Geliň, makalalardan käbir bölekleri okalyň!

«Adventure travel»:

«Owadan syýahat» Türkmenistanyň iň iri we iň irki syýahatçylyk agentlikleriniň biri. 1996-njy ýyldan bäri işleýän agentlik öz hyzmatlarynyň gerimi barha giňeldýär we döwrebaplaşdyrýar. Kompaniýa müşderilerine deňsiz-taýsyz syýahatçylyk mümkinçiliklerini hödürleýär».

«The travel guide»:

«Owadan syýahat» bilen Türkmenistana gurnaljak gezelenç ýurduň medeniýeti, taryhy we tebigaty barada baý maglumata eýe bolmaga ýardam berer. Haýran galdyrýan paýtagt, gadymy ýadygärlikler, müň bir öwüşginli peýzaž, şu günlere ýetirilen milli gymmatlyklar we örän myhmansöýer adamlar we beýleki aýratynlyklar Türkmenistana gezelenç etmek üçin sebäpleriň diňe käbiridir.

Ýeri gelende aýtsak, «Owadan syýahat» kompaniýasy içerki we daşarky syýahatçylyk boýunça juda köp sanly ugurlary hödürleýär. Türkmenistandaky meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň arasynda «Beýik Ýüpek ýoly» ugry has hem özüne çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň