Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň wekiliýeti Samara milli barlag uniwersitetinde iş saparynda boldy

11:5114.02.2020
0
7125

Golaýda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekillerinden ybarat topar hünär derejesini ýokarlandyrmak, önümçiligi awtomatlaşdyrmakda ulanylýan häzirki zaman sanlylaşdyrmak tehnologiýalary boýunça dersleri okatmagyň tejribesini öwrenmek üçin Russiýa Federasiýasynyň akademik S.P.Korolýow adyndaky Samara milli barlag uniwersitetinde iş saparynda boldular ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmen wekiliýetiniň sapary akademik S.P.Korolýow adyndaky Samara milli barlag uniwersitetiniň aerokosmiki we gaz-turbina hereketlendirijileriniň muzeýi bilen tanyşlykdan başlandy. Soňra bu ýokary okuw mekdebiniň elektrotehnika kafedrasynda aerokosmiki jisimler üçin elektrik enjamlardyr elektron gurluşlary ýasamak, olaryň iş mümkinçiligini ýokarlandyrmak hem-de tehniki hyzmatyň hilini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşyldy. Şonuň ýaly-da, uniwersitetiň lazer we biotehniki ulgamlar kafedrasynda lukmançylyk ugurlary we kosmosda adama täsir edýän ýagdaýlar, olaryň sebäpleri, optika we onuň aýratynlyklary, lazer tehnologiýalary ýaly ugurlar boýunça alnyp barylýan ylmy işler, önümçiligiň dürli pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk hususan-da, lukmançylyga gerek bolan tehniki enjamlaryň üstünde işlenilip, önümçilige ornaşdyrylyşy bilen tanyşyldy.

Samara milli barlag uniwersitetinde okaýan talyplaryň nazaryýetde alýan bilimlerini tejribede has çuň öwrenmekleri üçin dürli görnüşli antennalar, radionawigasiýa we radiolokasiýa ulgamlary işlenip düzülipdir.

Bu ýokary okuw mekdebiniň awiasiýa tehnikasy fakultetiniň düzüm bölekleri ulanyşdan galan birnäçe uçarlary özünde jemleýän tejribehanasynda işler ýokary derejede gurnalypdyr. Tejribehanada uçarlara howadyr ýeliň täsirini düşündirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Ýöriteleşdirilen otaglarda “Aerosim” kompaniýasynyň stimulýator programmasy kompýuterlere gurnalan. Bu ýerde talyplar uçarlara tehniki hyzmat etmegi öwrenýärler.

Iş saparynyň dowamynda uniwersitetiň fakultetleridir kafedralaryna, ylmy gurnaklaryna aýlanyp, olaryň alyp barýan işleri bilen hem tanyşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň