Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Bäşim Nuralynyň döredijiligine bagyşlanan ýatlama sergi gurnaldy

09:5014.02.2020
0
2941

Düýn Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi köp adamly boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň halk suratkeşi Bäşim Nuralynyň döredijiligine bagyşlanan ýatlama sergi guraldy ― diýip, «Edebiýat we sungat» gazeti habar berýär.

Milli şekillendiriş sungatymyzyň gözbaşynda duran halypa suratkeşiň köpugurly döredijiligi barada söhbet açýan sergide onuň muzeýiň gaznasynda saklanylýan «Pile ýygymy», «Gurban baýramy», «Üzüm ýygymy» ýaly meşhur eserlerine uly orun berildi.

Sergide Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde saklanylýan ussat suratkeşiň öz ýasan dürli esbaplary hem görkezildi. Şeýle-de, bu mekdebiň okuwçylarynyň arasynda Bäşim Nuralynyň durmuş we sungat ýoluna bagyşlanyp surat çekmek hem-de heýkeljikleri ýasamak boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary gowşuryldy.

Ýurdumyzyň tanymal sungat öwrenijileriniň, çagalar çeperçilik mekdepleriniň mugallymlarynyň, Bäşim Nuralynyň agtykdyr çowluklarynyň gatnaşmagynda geçirilen ylmy-amaly maslahatda hem ussat suratkeşiň milli sungatymyzy ösdürmekde bitiren işleri barada gürrüň edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň