Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan etdi

09:4414.02.2020
0
865

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Şöhratly bedewleriň waspy dillerde dessan» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär ― diýip, «Edebiýat we sungat» gazetinde habar berilýär.

Bäsleşige gatnaşmaga höwes bildirýänler Türkmenistanyň Prezidentiniň milli seýisçilik sungatymyzy ösdürmäge goşýan uly goşandyny, ahalteke bedewlerimiziň sap tohumyny saklap galmakda we kämilleşdirmekde taýsyz tagallalaryny;

Bagtyýarlyk döwründe gurlup ulanylmaga berlen atçylyk sport toplumlaryny, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň bedewlerimiziň dünýä-ýüzündäki şan-şöhratyny artdyrmaga goşýan goşantlaryny, seýisleriň, atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň bitiren asylly hyzmatlaryny;

Behişdi bedewleriň müňýyllyklara uzaýan taryhyny, tebigy gözelliklerini, gylyk-häsiýetini, asyrlaryň jümmüşinde kämilleşdirilen at esbaplaryny, atçylyk bilen bagly milli däpleri açyp görkezýän eserlerini aşakdaky ugurlar boýunça hödürläp bilerler:

Iň gowy şygyr, aýdyşyk, poema;

Iň gowy kyssa eseri: hekaýa, powest;

Iň gowy makala, oçerk;

Iň gowy aýdym;

Iň gowy saz eseri.

1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolanlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Bäsleşige dürli ugurlarda zähmet çekýän raýatlarymyz gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjylaryň ýaşy çäklendirilmeýär.

Bäsleşigiň netijeleri Türkmen bedewiniň milli baýramynyň toýlanylýan günlerinde yglan ediler.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga höwes bildirýänler eserlerini 10-njy aprele çenli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölümine tabşyryp bilerler. Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly-461. Habarlaşmak üçin tel: 44007 1 , 440081, 440235.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň