Soňky habarlar

Arhiw

Bäşimowyň we Ylýasowyň topary Türkiýedäki ýygnanyşyga başlady

17:2313.02.2020
0
4906

Ýakynda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň agzalary Abdy Bäşimow hem-de Wezirgeldi Ylýasow bilen şertnama baglaşan «Kyzylkum» düýn Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna başlady. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berýär.

Mundan ozal Özbegistanda türgenleşen topar Türkiýedäki ýygnanyşygyň çäginde hem ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini meýilleşdirýär. Ozalky duşuşyklarda bolşy ýaly, türkmenistanly futbolçylaryň ýene-de esasy düzümde meýdana çykmagyna garaşylýar.

27-nji fewralda başlanjak Özbegistanyň Superligasynda «Kyzylkum» ilkinji duşuşygyny «Nasaf» bilen geçirer. «Championat.asia» toparyň «Limak Atlantis Belek» myhmanhanasynda ýerleşendigini, baş tälimçi Hakimjon Aktamowyň wagt ýitirmän türgenleşiklere badalga berendigini ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň