Hojamuhammet Toýçyýew Daşkentdäki halkara ýaryşda üç altyn medal gazandy

23:4912.02.2020
0
9114

28 ýaşly halkara derejeli sport ussady Hojamuhammet Toýçyýew Daşkent şäherinde şu gün tamamlanan 6-njy Halkara raýdaşlyk çempionatynda altyn medallaryň üçüsini gazandy. Mary şäherindäki 7-nji sport mekdebinde tälimçi bolup işleýän ildeşimiz 109 kilogramdan agyr agramdaky türgenleriň arasynda ýaryşdy.

Türkmenistanyň at gazanan tällimçisi Ikram Matkerimowyň şägirdi ştangany götermegiň iki görnüşinde we şol görnüşleriň jemi boýunça-da iň ýokary netijäni görkezdi. Has takygy, ol silterlemekde 180, iteklemekde 231, iki görnüşiň jemi boýunça 411 kilogramlyk netije görkezdi. Ol Pattaýada (Tailand) geçirilen dünýä çempuionatynda mundan 11 kilogram ýokary netie görkezip hem, umumy hasapda dokuzynjy orny eýeläpdi.

Şeýlelikde Halkara raýdaşlyk çempionatynda biziň ildeşlerimiz dürli görnüşli medallaryň 18-sini gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň