Soňky habarlar

Arhiw

Tokio ― 2020-niň ilkinji «alawçysy» belli boldy

18:3012.02.2020
0
3748

Nyşana ok atmak boýunça olimpiýa çempiony Anna Korakaki Tokio ― 2020 Olimpiýa oýunlarynyň alawyny ilkinji bolup göterjek türgen bolar. Alawyň ýoly 12-nji martda başlar ― diýip, «Azertaj» habar berýär.

Şeýlelikde, Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek alawyň ýoluna zenan türgen badalga berer. Gresiýanyň Milli olimpiýa komiteti oňa biragyzdan ses berdi.

Olimpiýa alawy Gresiýadaky bir hepdelik ýörişden soňra Tokio ― 2020-niň guramaçylaryna gowşurylar. Onuň gowşurylyş dabarasy 19-njy martda Afinydaky «Panatinakos» stadionynda bolar.

Alawyň Ýaponiýadaky badalgasy 26-njy martda bolar. Olimpiýa alawy 47 döwletiň içinden geçip, 24-nji iýulda Tokio şäherine gaýdyp geler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň