Soňky habarlar

Arhiw

Habib Nurmagomedow dünýäniň iň güýçli pälwany diýlip yglan edildi

12:1712.02.2020
0
8458

«Sherdog» statistika portaly MMA boýunça pälwanlaryň bütindünýä sanawyny täzeledi. Russiýaly Habib Nurmagomedow bu sanawyň birinji ornunda görkezildi.

Sanaw 10-njy fewralda yglan edildi. Ikinji orny ABŞ-ly Jon Jons eýeledi. Ilkinji üçlügi onuň watandaşy Genri Sehudo tamamlady.

Sanawyň lideri Habib Nurmagomedow nobatdaky duşuşygyny 18-nji aprelde Nýu-Ýork şäherinde Toni Fergýuson bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň