Soňky habarlar

Arhiw

Argentinanyň we Braziliýanyň futbol ýygyndylary Tokio Olimpiadasyna gatnaşmaga hukuk gazandy

12:0412.02.2020
0
3433

Argentinanyň we Braziliýanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndylary Tokio ― 2020-ä gatnaşmaga hukuk gazandylar diýip, TASS habar berýär. Bu iki ýygyndy KONMEBOL-yň Kolumbiýada geçirilen saýlama duşuşyklarynda üstünlikli çykyş etdi.

Toparçadaky soňky duşuşykda Argentinanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňendigine garamazdan braziliýaly futbolçylar 5 utuk bilen ikinji orny eýelediler. Argentinler bolsa soňky duşuşyga galmazdan, Olimpiýa oýunlary ― 2020-däki ýerini berkidipdiler. Üçünji we dördünji orunlary eýelän Urugwaýyň we Kolumbiýanyň ýygyndylary Olimpiýa oýunlaryna hukuk gazanyp bilmediler.

Şeýlelikde, Olimpiadada ýaryşjak 16 ýygyndynyň 14-si mälim boldy. Olar Ýaponiýa (ýer eýesi), Argetina, Braziliýa (KONMEBOL), Awstraliýa, Saud Arabystany, Koreýa Respublikasy (AFK), Fransiýa, Germaniýa, Ispaniýa, Rumyniýa (UEFA), Müsür, Kot-d’Iwuar we GAR (KAF) we Täze Zelandiýa.  KONKAKAF-dan gatnaşjak ýygyndylar bolsa 20-nji mart ― 1-nji aprel aralygynda Meksikada geçiriljek saýlama duşuşyklardan soň belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň