Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2020: Günbatar zolakda toparçalaýyn duşuşyklara badalga berildi

23:0311.02.2020
0
4944

10-njy fewralda AFK-nyň kubogy ― 2020-niň «A» we «B» toparçalarynyň duşuşyklaryna badalga berildi. Bu barada «Istiklol» klubynyň resmi saýtynda habar berilýär. 

Kubogyň soňky eýesi ― Liwanyň «Al-Ahed» topary öz öýünde Palestinanyň «Hilal Al-Kuds» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. «A» toparçanyň beýleki bir duşuşygynda «Al-Jaiş» (Siriýa) bilen «Manama» (Bahreýn) 0:0 hasabyndaky deňme-deňlik bilen oýnady. Kuweýtiň «Kuweýt» topary Liwanyň «Al-Ansaryny» kabul edip, 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Iordaniýanyň «Al-Faýsali» topary bilen Siriýanyň «Al-Watbasy» golsuz deňme-deňlige razy boldular.

Ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyr» yklym ýaryşynyň täze möwsümindäki ilkinji duşuşygyny 10-njy martda «Dordoý» bilen myhmançylykda geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň