Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz şäherinde futzal tälimçileriniň halkara okuw kursy tamamlandy

22:4111.02.2020
0
4060

Daşoguz welaýatynda futzal tälimçileriniň gatnaşmagynda "Level-1" halkara okuw kursy geçirildi. Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen bilekde geçirmeginde guralan halkara okuw kursyunyň gözükdirijisi hökmünde AFK-nyň instruktory Döwlet Annaýew çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Bu okuw maslahatyna sport mekdeplerinde, çagalar-ýetginjekler futbol toparlarynda, Türkmenistanyň futzal ligasynda çykyş edýän toparlaryň tälimçileriniň 15-si (3 Aşgabatdan, 12 Daşoguzdan) gatnaşdy.

Okuw maslahatynyň esasy maksady paýtagtymyz bilen birlikde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hem futzaly ösdürmäge mümkinçilik döretmekden ybarat boldy.

Onuň dowamynda tälimçiler futzalyň inçe syrlaryny öwrenmäge uly mümkinçilik aldylar.

Praktiki hem-de teoretiki sapaklara bölünen okuw maslahatynyň soňunda gatnaşyjylar ýörite synaglarda geçdiler. Synaglary üstünlikli geçenlere "Level-1" sertifikatlary gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň