Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan Sport» Italiýanyň kubogyndaky «Milan» ― «Ýuwentus» duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

22:3211.02.2020
0
5510

«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan gyzykly duşuşyklary göni ýaýlymda alyp görkezmegini dowam edýär. Hepdäniň dowamynda futbol janköýerlerine gyzykly duşuşuyklaryň ýene-de birnäçesi garaşýar. Olaryň arasynda Italiýanyň kubogyndaky «Inter» ― «Napoli», «Milan» ― «Ýuwentus» duşuşyklary hem bar.

Şeýle hem ýaýlym şu hepdede «Borussiýa Dortmund», «Barselona», «Roma» ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy toparlarynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezer.

11.02.2020
Premýerşip — «Hemiltan Akademikal» – «Aberdin» 00:40

12.02.2020
Italiýanyň Kubogy — «Inter» – «Napoli» 00:40

13.02.2020
Italiýanyň Kubogy — «Milan» – «Ýuwentus» 00:40

14.02.2020
Bundesliga — «B.Dortmund» – «Aýntraht» 00:25

15.02.2020
La Liga — «Barselona» – «Getafe» 19:55
La Liga — «Wilýarreal » – «Lewanta» 22:25
Serie A — «Atalanta» – «Roma» 00:40

16.02.2020
La Liga — «Sewilýa» – «Espanýol» 15:55
Serie A — «Ýuwentus» – «Breşia» 18:55
Serie A — «Kalýari» – «Napoli» 21:55
Serie A — «Lazio» – «Inter» 00:40

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň