Soňky habarlar

Arhiw

“Ford GT”: ýeňil hem berk sport ulagy

16:4511.02.2020
1
5144

Çikagoda geçirilýän halkara awtoulag sergisine getirilen “Ford GT” ulagy köpleriň ünsüni özüne çekdi. Şu aýyň 8-ine başlap, 17-sine çenli dowam etjek sergä gatnaşdyrylýan ulaglaryň aglabasy az sanly öndürilen kuwwatly ulaglardan ybarat bolýar. Bu ýylky sergä getirilen “Ford GT” modeli ýeňil materiallardan öndürilipdir. Ulagyň köp ýerini inženerler el güýji bilen ýasamaly bolupdyrlar. Kuwwaty 660 at güýjüne barabar bolan ulagyň tehniki aýratynlyklary adaty “Ford GT”-den o diýen tapawutly däl. Kompaniýanyň inženerleri ulagyň ýeňildigine garamazdan, ýeterlik derejede berkdigini aýdýarlar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň