Soňky habarlar

Arhiw

2019-njy ýylyň iň köp gezelenç edilen ýurtlary

15:4911.02.2020
0
24249

Birleşen Milletler guramasynyň garamagyndaky Bütindünýä Syýahatçylyk guramasy (UNWTO) 2019-njy ýylyň iň köp syýahatçy kabul eden ýurtlaryň sanawyny mälim etdi. Guramanyň habar bermegine görä, 2019-njy ýylda iň köp syýahatçy Fransiýa döwletine gezelenç edipdir. Bu ýurda 90,6 million jahankeşde syýahat etdi. Bu görkeziji 2018-nji ýylyň görkezijisinden 5,2 million syýahatçy az diýmekdir.

Sanawda 2-3-nji orunlary 2019-njy ýyldaky ýaly Ispaniýa bilen ABŞ eýeleýär. Degişlilikde, bu ýurtlara 83,8 million hem-de 78,7 million adam gezelenç edipdir. Hytaýyň 4-nji bolan sanawynda Italiýa 5-nji, Türkiýe 6-njy orna mynasyp boldy.   

2019-njy ýylyň iň köp syýahat edilen ýurtlaryň onlugy:

1. Fransiýa – 90,6 million jahankeşde

2. Ispaniýa – 83,8 million

3. ABŞ – 78,7 million

4. Hytaý – 67,5 million

5. Italiýa – 64,6 million

6. Türkiýe – 52,5 million

7. Meksika – 44,9 million

8. Tailand – 39,7 million

9. Germaniýa – 39,4 million

10. Angliýa – 36,9 million

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň