Soňky habarlar

Arhiw

«Täze balyk» şu ýyl 250 tonna balygy ilata hödürlemegi maksat edinýär

11:5711.02.2020
0
1187

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky Permany esasynda «Marybalyk» döwlet kärhanasynyň Mary — Sakarçäge ýolunyň 1-nji kilometrliginde ýerleşýän desgalaryň ençemesi hususylaşdyrylyp, telekeçi Guwançmyrat Orazowyň esaslandyran «Täze balyk» hususy kärhanasyna berildi. Öz kärine türgen «Täze balyk» hususy kärhanasynyň balyk awlaýjylary Hanhowuz, Saryýazy, Dostluk suw howdanlarynda iş alyp barmak bilen, tagamy datly ak balyk, lakga, tüň­ňümaň­laý ýaly balyklary awlaýarlar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Balyklar täzeligi bilen hususy kärhananyň «Janly balyk» dükanyna hem-de baglaşylan şertnama laýyklykda, welaýatyň dürli künjeginde hereket edýän 10 töweregi telekeçiniň hususy dükanlaryna elin eltilip berilýär.

Kärhananyň balykçylary 2019- njy ýylda 210 tonna golaý balyk awlamagyň hötdesinden geldiler. Olar bu görkezijini şu ýyl 250 tonna ýetirmegi maksat edinýärler.

Olar geçen aýda meýilnamada göz öňünde tutulan 10 tonna derek 13,5 tonna töweregi balyk awlap, bazaryň balyk bolçulygyna önjeýli goşant goşdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň