Soňky habarlar

Arhiw

Lebapdaky poçta aragatnaşyk kärhanalarynda demirýol petekleri satylyp başlandy

09:5511.02.2020
0
1467

«Lebappoçta» welaýat kärhanasynyň Halaç etrabynyň Garabekewül, Dänew etrabynyň Seýdi şäher aragatnaşyk kärhanalarynda demirýol petekleriniň satuwy ýola goýuldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Mundan ozal demirýol petekleri «Farap» şyphanasynda satylýardy. Indi bolsa welaýatyň çägindäki aragatnaşyk kärhanalarynda hem şeýle petekleri satmak işi ýola goýuldy. Ýakyn günlerde welaýatyň ýene-de birnäçe etrabyndaky aragatnaşyk kärhanalarynda şeýle petekler satylyp başlanar. Olar nagt we nagt däl görnüşinde hem satyn almak mümkindir.

«Railway.gov.tm» saýtynyň üsti bilen petekleri onlaýn usulynda hem satyn alyp bolýandygyny ýatladýarys. Ýakynda bolsa «Türkmendemirýollary» agentligi VIP wagonlaryň işini ýola goýdy.

Ýeri gelende aýtsak, poçta aragatnaşyk kärhanalarynda demir ýol üçin petekleri satmak tejriebsine Türkmenistanda geçen ýyl girişildi. Ýurtda ilkinji bolup Aşgabatdaky poçta aragatnaşyk kärhanalary bu işe girişdiler. Häzir bolsa işiň gerimi ýurduň sebitlerine çenli ýaýraýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň