Soňky habarlar

Arhiw

«Şagadam» Türkiýede Belarusyň «Torpedo» we «Şahtýor» toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer

21:0110.02.2020
0
7157

Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary täze möwsüme taýýarlyk işlerini Türkiýede dowam etdirer. Bu ýerde topar ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini meýilleşdirýär.

«Pressbol» neşiriniň ýazmagyna görä, «Şagadam» 21-nji fewralda Belarus Respublikasynyň «Şahtýor» topary bilen duşuşar. Ildeşlerimiziň 25-nji fewraldaky garşydaşy bolsa ýene-de şol döwletiň Žodino şäheriniň «Torpedo-BelAZ» topary bolar.

«Şagadamyň» garşydaşlarynyň ikisi hem Belarus çempionatynyň iň ýokarky dwizionynda ýaryşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň