Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş guraldy

12:0109.02.2020
0
4741

Dynç güni ir bilen Giňdiwaryň etegindäki meýdança Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň we ýörite hünär okuw mekdepleriniň talyplary, köpsanly zähmetkeş toparlarynyň wekilleri ýygnandylar ― diýip, TDH habar berýär. Olar türkmen Lideriniň göreldesine eýerip, Saglyk ýoluny geçdiler.

Joşgunly aýdym-sazlar, türgenleriň görkezme çykyşlary bu çärä gatnaşýanlarda baýramçylyk duýgusyny döretdi. Ine-de, belent ruhubelentligi ýaran edinenler dag gerişleri bilen uzaýan ýola düşdüler.

Ýaşlaryň arasynda Saglyk ýoluny geçmek boýunça bäsleşik guraldy. Ýaş oglan- gyzlar uly ruhubelentlik bilen ýokary netije görkezmek üçin tijenip başladylar. Umuman, bu gezekki ýörişe 5 müňe golaý adam gatnaşdy.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary Saglyk ýoluna çykýanlaryň ruhuny göterdi. Saglyk ýolunyň tamamlanýan ýerinde türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy. Şu ýerde bu ýoly geçmekde has tapawutlananlary sylaglamak dabarasy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň