Türkmenistanyň DHÇMB-de 11,4 million dollara golaý geleşik baglaşyldy

21:4708.02.2020
0
4353

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gyzdyrylan nebit koksunyň uly möçberini, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparynyň wekillerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million 371 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 1 million 260 müň manatdan gowrak bolan buýan kökli çaý içgisini we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 15 million 429 müň manatdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni («Türkmengaz» DK) we pagta-süýümini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň