Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Türkmenistanyň küşt çempionaty tamamlandy

09:5608.02.2020
0
6306

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Milli küşt federasiýasy tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ýurdumyzyň çempionatynyň ýaryşlary paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçirildi. Üç ýaş toparynda ― 8, 12 we 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşlara bu paýhas oýnunyň wekilleriniň ýüzlerçesi gatnaşdy.

Toparlaýyn hasapda altyn, kümüş we bürünç medallaryň hersinden üçüsine mynasyp bolan paýtagtyň topary birinji orny eýeledi. Bir altyn, üç kümüş we üç bürünç medal gazanan Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary ikinji ornuň eýesi boldular. Üçünji orny bolsa Ahal we Mary welaýatlaryndan gelen okuwçylar paýlaşdylar.

16 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda paýtagtyň Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň wekili Emin Kulyýewe taý tapylmady. Şu ýaş derejesinde gyzlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa Merjen Batyrowa Türkmenistanyň çempiony boldy.

12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen ýaryş Lebap welaýat küşt-şaşka mekdebiniň türgeni Aýbek Sünnetullaýewiň we Ahal welaýatyndan gatnaşýan Güljemile Saparowanyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Iň kiçi toparda bolsa Mary welaýatyndan gatnaşýan Rauf Ýusubow bäsdeşleriniň ählisinden rüstem geldi. 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda paýtagtly Nurana Söýünowa taý tapylmady.

Mart aýynda Türkmenistanyň küşt federasiýasy 10, 14 we 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda ýurdumyzyň çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär. Milli birinjilikler tälimçilere ýygyndy toparyň wekillerini saýlap almaga mümkinçilik berýär. Şu ýyl türkmen küştçülerine halkara synaglaryň hem ençemesiniň garaşýandygyny aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň