Türkmenistanyň paýtagty we sebitleri boýunça jogapkär wise-premýerler bellenildi

08:3608.02.2020
0
7862

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Baýramowiç Gylyjow Ahal welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezow Balkan welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikow Daşoguz welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Resulowiç Meredow Lebap welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Mary welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýew Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň