Soňky habarlar

Arhiw

Ç.Pürçekow wise-premýer wezipesinden boşadylyp, energetika ministri wezipesine bellenildi

08:3408.02.2020
0
11119
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda energetika pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýetiň berilýändigini belläp, bu işi has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, şeýle hem baý tejribesini we guramaçylyk başarnygyny nazara alyp, Ç.Purçekowy energetika ministri wezipesine bellemek hem-de ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy.

Häzirki wagtda energetika toplumynyň öňünde uly wezipeler durýar. Munuň özi ýurduň elektrik energetikasyny sanly ulgama geçirmekdir we ösdürmekdir, täze elektrik stansiýalaryny gurmakdyr hem-de olaryň işläp gelýänlerini döwrebap ýagdaýa getirmekdir. Ýurdy elektrikleşdirmegi tamamlamakdan we goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutany belledi.

«Türkmenistan–Owganystan–Pakistan» halkara elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny tamamlamak üçin degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, milletiň Lideri şol maksatlar üçin ýakynda Energetika ministrliginde ýörite Halkara elektroenergetika taslamalary müdirliginiň döredilendigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň