Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýyl Türkmenistanda 2100 tonna çig pile öndüriler

23:5807.02.2020
0
3600

Türkmenistanda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2020-nji ýylda 2100 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmak, şeýle hem welaýatlaryň daýhan birleşiklerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Welaýatlaryň häkimliklerine şu Karara laýyklykda, pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň