Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny tassyklady

23:5607.02.2020
0
8043

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, sebitleýin maýa goýum işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama bilen Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň