Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2020: «Hujand» Täjigistandaky duşuşyklaryny Duşenbede geçirer

16:5707.02.2020
0
4152

Täjigistanyň wise-çempiony «Hujand» futbol topary AFK-nyň kubogy ― 2020-niň çäginde öz meýdanyndaky duşuşyklaryny Duşenbe şäherindäki Merkezi stadionda geçirer.

Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda ýazylyşy ýaly, Hujand şäherindäki «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» atly stadionynda Nowruz baýramyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şonuň üçin hem «Hujandyň» Täjigistandaky duşuşyklaryny Duşenbede geçirmek kararyna gelindi.

«Hujand» AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny myhmançylykda, ikinji oýnuny bolsa öz meýdanynda geçirer. «Hujandyň» garşydaşy «Ahal» ― «Neftçi» (Gyrgyzystan) jübüteriniň ýeňijisi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň