Kosmosda 328 gün bolup, rekord goýdy

11:5007.02.2020
0
458
Kosmosda 328 gün bolup, rekord goýdy

Halkara Kosmos Bekedinde iş alyp barýan kosmonawtlaryň üçüsi – Aleksandr Skworsov, Kristina Koç we Luka Parmitano “Soyuz MS 13” kapsulasy bilen ýere gondy. Olardan amerikaly Kristina Koç kosmosda yzygiderli iň köp wagt geçiren zenan-kosmonawt hökmünde rekord goýdy. Ol jemi 328 gün Halkara beketde bolup, dürli ylmy we tehniki işlere gatnaşdy. Mundan ozalky rekord 289 gün bilen Koçuň watandaşy Peggi Witsona degişlidi. Peggi Witson dürli döwürlerde jemi 665 gün kosmosda bolup, zenanlaryň arasyndaky bu rekordyny dowam etdirýär. 41 ýaşly Kristina Koç kosmosda bolan döwründe Ýeriň orbitasynda 5 müň 248 gezek aýlanyp, jemi 223 million kilometr ýol geçdi. Kosmosda yzygiderli iň köp bolan kosmonawt Waleri Polýakow hasaplanýar. Ol 1994-1995-nji ýyllarda Mir bekedinde 437 günläp bolupdy. Umumy sanawda Kristina Koç bäşinji ýerde durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň