Türkmenistanda aspiranturalaryna we ordinaturalaryna täze hünärleriň üçüsi girizildi

11:4607.02.2020
0
455
Türkmenistanda aspiranturalaryna we ordinaturalaryna täze hünärleriň üçüsi girizildi

Şu ýyl Türkmenistanyň aspiranturalarynda we ordinaturalarynda alymlyk derejesine dalaşgärler üçin täze hünärleriň ýene-de birnäçesi açyldy. Bular barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde aýdylýar.

Gazetde-de habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hormatly Prezidentimiziň 2008-nji ýylyň 14- nji ýanwarynda çykaran «Türkmenistanda ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagy üpjün etmek hem-de ylmy taslamalara döwlet maliýe goldawyny bermek hakyndaky» Kararyna hem-de 2008-nji ýylda kabul edilen «Aspiranturany, adýunkturany hem-de doktoranturany açmagyň we olaryň Tertibine» laýyklykda,

2020-nji ýylda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň aspiranturasyna 14.03.03 — Patologiki fiziologiýa hünäri,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň doktoranturasyna 05.18.01 — Däneli, kösükli ekinleri, ýarmaly, miwe-gök we üzümçilik önümlerini işlemegiň, saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy hünäri hem-de

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň doktoranturasyna 24.00.03 — Muzeý öwreniş, taryhy-medeni obýektleriň konserwasiýasy we dikeldilişi hünäri girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň