Türkmenistanda aspiranturalara we ordinaturalara 70-e golaý adam kabul edildi

11:4107.02.2020
0
307
Türkmenistanda aspiranturalara we ordinaturalara 70-e golaý adam kabul edildi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2-nji fewralda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenstanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, 2020-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle-de kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklandy.

«Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, aspiranturalarda we doktoranturalarda ylmyň, tehnologiýalaryň öň­debaryjy gazananlaryny özleşdirýän hünärmenler taýýarlanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2020-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura 30, ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärlige 30, ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgärlige bolsa 7, jemi 67 adam kabul ediler.

Olaryň ylym ugurlarynyň hatarynda fizika-matematika, himiýa, oba hojalyk ylymlary, taryh ylymlary we arheologiýa, tehniki, ykdysady, harby ylymlar, filologiýa, hukuk, pedagogika, lukmançylyk, sungaty öwreniş, sosiologiýa, medeniýeti öwreniş ylymlary, şeýle-de ýer baradaky ylymlar bar.

Bu barada "Türkmenistan" gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň