Soňky habarlar

Arhiw

Yslamabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli «tegelek stol» geçirildi

11:3407.02.2020
0
5301

Ýakynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Yslamabadyň Ählumumy we strategik meseleleri öwreniş merkezinde (CGSS) türkmen Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «tegelek stol» maslahaty geçirildi.

Oňa Ählumumy we strategik meseleleri öwreniş merkeziniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar üstümizdäki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara derejeli çäreler bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we taraplar Türkmenistanda Pakistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip etdiler.

Çäräniň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy ýaly bilelikdäki taslamalar, şeýle hem sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine täsirini ýetirýän täze ulag geçelgeleri barada sowal-jogap alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň