Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtyň we sebitleriň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

23:5806.02.2020
0
16080

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamak, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi ― diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany ilki Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimlerini kabul etdi. Ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işler, hususan-da, şäher düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, onuň çäklerinde paýtagtymyzda gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň sanawy, olaryň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler, şol sanda Ahal welaýatyny ösdürmegiň baş meýilnamasy we onda kesgitlenen wezipeler, şeýle hem täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, söwda merkezleriniň, saglyk öýleriniň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, olaryň depginini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler iş maslahatynyň bu bölüminiň özenini düzdi.

Balkan we Lebap welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam eden maslahatda häzirki döwürde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň taýýarlanylyşy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň amala aşyrylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany häkimlere birnäçe ugur, hususan-da, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly tabşyryklary berdi. Käbir işleri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde alyp barmagy tabşşyrdy.

Soňra Daşoguz we Mary welaýatlarynyň häkimleri bilen hem maslahat geçirildi.

Dört welaýatyň ―Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda bolsa sebitlerde guruljak awtomenziller barada pikir alyşyldy.

Häzirki wagta çenli awtomenzilleriň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary taýýarlanyp, olaryň gurluşygyna gatnaşjak ýerli kompaniýalar kesgitlenildi. Döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça guruljak awtomenzillerde ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertler ýola goýlar. Olarda hyzmatlar ulgamyna degişli düzümler, internet we aragatnaşyk ulgamlary ýolagçylaryň ygtyýarynda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň