Ahal welaýatynda Ahalteke atçylyk ýokary okuw mekdebiniň we ylmy-önümçilik merkeziniň gurluşygyna girişildi

17:4906.02.2020
0
2910

Ahal welaýatynyň gurluşygy alnyp barylýan döwrebap edara ediş merkezinde Ahalteke atçylyk ýokary okuw mekdebi hem-de Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkezi hem gurulýar. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebiniň we ylmy-önümçilik merkeziniň taslamalary taýýarlanyp, gurluşyk işlerine başlandy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ahalteke atçylygyna ýöriteleşen ýokary okuw mekdebinde atçylyk, atly sport we syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar boýunça hünärmenler bir ýere jemlenip, köpugurly hünärmen taýýarlygy ýola goýlar. Aýratyn-da, ýörite atçylyk ugry boýunça seleksionerler, genetikler, trawmatologlar, embriologlar taýýarlanylar. Bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk, atlaryň tohumçylyk işi, genetikasy, köpeldilişi, iýmitlendirilişi, anatomiýasy, fiziologiýasy, at lukmançylygy, atly sport we syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar barada çuň­laşdyrylan bilim berler.

Atçylyk ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynda ýaş talyplaryň okamagy we ýaşamagy üçin ähli şertler dörediler. Okuw otaglarynda sapak geçmek üçin zerur bolan enjamlar, kompýuterler, elektron tagtalar, mulýažlar (doň­durma heýkeljikler) we beýleki esbaplar ornaşdyrylar.

Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde atçylyk ýokary okuw mekdebini tamamlan hünärmenler zähmet çekerler. Ol ýerde ahalteke atlarynyň beden we göwre gurluşynyň aýratynlyklary ylmy esasda öwreniler. Bu ylmy-önümçilik merkezi dünýä tejribesini öwrenmekde hem uly orny eýelär.

Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň düzüminde ahalteke bedewleriniň seleksiýasy, olaryň genofonduny gorap saklamak, atlary köpeltmek we iýmitlendirmek, at lukmançylygy, atly sport we syýahatçylyk, atçylykda dünýä tejribesini öwreniş ýaly bölümler hereket etmek bilen, merkeziň garamagynda birnäçe ýöriteleşdirilen barlaghanalar we atlaryň saglyk merkezleri gurlar. Atçylykda esasy ugurlaryň biri bolan toýnak we aýak şikeslenmeleriniň dürli sebäpleri ylmy esasda öwreniler. Şol maglumatlary bir ýere toplamak arkaly hem ýakyn geljekde birnäçe ylmy kitaplar ýazylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň