Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy dünýä sanawynyň 66-njy ornuna çykdy

15:5006.02.2020
0
6556

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy «Futsal World Rankingiň» täzelenen sanawynda dünýä boýunça 66-njy basgançaga çykdy.

Has takygy, häzir Türkmenistanyň ýygyndysy 872 utuk toplady, bu bolsa milli ýygyndymyzyň 66-njy orna çykmagyna şert döretdi. Türkmen futzalçylary 2019-njy ýyldaky sanawda 68-nji orundady. Täzelenen sanawda Türkmenistanyň ýygyndysyndan bir basgançak ýokarda Iordaniýanyň, bir basgançak aşakda Täjigistanyň ýygyndylary bar.

Dünýä sanawyň ilkinji üçlüginde Braziliýanyň, Ispaniýanyň we Argentinanyň ýygyndylary ýerleşýär. Dördünji orunda bolsa rus futzalçylary. Aziýadan iň ýokary netijän görkezýän Eýranyň ýygyndysy sanawyň altynjy basgançagynda. Bäşinjilikde bolsa Portugaliýa bar.

AFK-nyň sanawynda Türkmenistanyň ýygyndysy on dördünji orunda. Yklym sanawynyň başyny Eýran, Ýaponiýa, Tailand, Özbegistan ýaly ýygyndylar çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň