Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasynyň Bakuwdaky halkara maslahatyna gatnaşdy

13:4005.02.2020
0
3478

26-29-njy ýanwar aralygynda, Bütindünýä gümrük guramasynyň Baku şäherinde (Azerbaýjan) ýerleşýän mümkinçilikleri berkitmek meseleleri boýunça Sebitleýin edarasynda geçirilen Aragatnaşygyň milli wekilleriniň 3-nji maslahatyna biziň wekilimiz hem gatnaşdy ― diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär. 

Maslahat esasan mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň usullary barada gatnaşyjylaryň bilimini artdyrmaga we çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Şeýle-de, bu maslahatyň agza döwletleriň özara hyzmatdaşlygyny berkitmekde ähmiýeti hem bellärliklidir.

Bu maslahata 20 sany döwletleriniň gümrük edaralarynyň, şol sanda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Ukrainanyň, Gruziýanyň, şeýle hem beýleki gümrük edaralarynyň wekilleri hem-de BGG-nyň Brüssel şäherindäki merkezi edarasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmenistan 1993-nji ýylda Bütindünýä gümrük guramasynyň agzasy bolandygyny ýatladýarys. Bu gurama bilen hyzmatdaşlygymyz soňky döwürde işjeňleşdirilýändigini belläp geçmek gerek. Aýratyn hem, bu gatnaşyklar Guramanyň Baş sekretary Kuniýo Mikuriýanyň Türkmenistana bolan saparyndan soň has hem täze derejä çykaryldy. Şol saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz jenap Kuniýo Mikuriýanyň bilen duşuşdy. Onda gümrük gullugy bilen hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň