Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtyň häkimine täze görkezmeleri berdi

09:5405.02.2020
0
6090

4-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta bölegine bardy. Şol ýerde gurlan desgalar bilen sazlaşykly binagärlik toplumyny emele getirýän Bitaraplyk binasy ýerleşýär. Milli Liderimiz bu künjegiň abadançylyk hem-de arassaçylyk meselelerine ünsi çekip, degişli tabşyryklary berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylyň şanly baýramçylyklara baý boljakdygyny belläp, şäheriň şu bölegine we şanly sene mynasybetli esasy dabaralaryň geçiriljek ýerlerini abadanlaşdyrmak we bezemek boýunça işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi döwlet Baştutanynyň garamagyna paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň binagärlik ugurlary barada gürrüň berýän birnäçe taslamalary görkezdi. Milletiň Lideri olar bilen tanşyp, birnäçe bellikleri aýtdy.

Aşgabatda täze seýilgähleriniň döredilmegine, ýol ýakalarynda, meýdançalarda saýaly baglaryň oturdylmagyna we dürli gülleriň ekilmegine aýratyn üns berilmelidir. Munuň özi paýtagtymyzyň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda degişli ekologiýa ýagdaýynyň emele gelmegini üpjün eder diýip, milletiň Lideri belledi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Aşgabady ösdürmegiň häzirki zaman konsepsiýasynda amatlylyk, ekologiýa we bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidir. Munuň özi ýokary derejeli ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda türkmen paýtagtynyň owadanlyk we oňaýlylyk babatda dünýäniň uly şäherleri bilen üstünlikli bäsdeşlik etmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Şunlukda, paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylyşyna, ýaşyl zolaklaryň döredilmegine durmuş we tutuş şäher düzümini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy we Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň