Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Polatly atly meşhur bedewiň ýadygärligine baryp gördi

09:1205.02.2020
0
6016

4-nji fewralda dikuçarly Aşgabatda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen tanşan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur ahalteke bedewi Polatlynyň ýadygärliginiň golaýynda saklandy. Bu syratly we asylly bedewiň heýkeli Köpetdag şaýolunyň ugrundaky çatrygyň merkezinde ornaşdyryldy. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Bu ýerde döwlet Baştutany wise-premýer E.Orazgeldiýewe we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe bu ajaýyp künjekde medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralary çäreleri ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl eziz Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, Aşgabat şäheriniň häkimi heýkele ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmaga hem-de paýtagtymyzda bu şanly senä hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmäge degişli anyk görkezmeleri berdi.

Mälim bolşy ýaly, Polatly atly bedew diňe bir milli däl, eýsem dünýä atşynaslygynda öçmejek yz goýan şöhratly ahalteke atlarynyň biridir. Milletiň Lideriniň halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak baradaky aladasy netijesinde ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagynda möhüm orun eýeleýän atlaryň sarpasy belent tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň