Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

07:4205.02.2020
0
5457

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň baş şäheriniň günorta-günbatar künjegine baryp, täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Aşgabat şäheriniň häkimi döwlet Baştutanyna taýýarlanylan taslamalar, şolaryň özboluşly aýratynlyklary, hususan-da, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň daşky we içki bezegleri, ýerleşjek ýerleri barada gürrüň berýän çyzgylar hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, taslamalar taýýarlanylanda geljekki desgalaryň bezegine we ekologiýa häsiýetnamalaryna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna, şol sanda sanly tehnologiýalar bilen üpjünçiligine we ilkinji nobatda, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýerden şähere açylýan görnüşleri synlap, şäher gurluşygynda häzirki zaman tehnologiýalary bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramagyň uly ähmiýete eýedigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Milletiň Lideri Aşgabatda gurulýan desgalaryň ählisiniň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň ýokary derejesine doly kybap gelmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz şeýle hem şäherde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda şanly seneler, hususan-da, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli guraljak çäreleriň, halkara maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmegi üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Soňra döwlet Baştutany dikuçardan şäheriň bu künjeginde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleri synlady. Döwlet Baştutany gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, işleriň ýokary hilini üpjün etmäge hem-de ekologiýa standartlaryny berjaý etmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek esasy şert bolup durýar.

Şunda, ýaşaýyş jaýlarynda oňaýly durmuş şertlerini döretmäge, sanly ulgama geçmek boýunça meýilnamalar babatda täze ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurulýan durmuş maksatly desgalaryň talabalaýyk enjamlaşdyrylyşyna, ýanaşyk ýerleriň bagy-bossanlyga öwrülmegine uly ähmiýet berilýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we Aşgabat şäheriniň häkimine anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň