Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» Bosnýa we Gersegowinanyň «Mladost» toparyndan ýeňildi

22:3403.02.2020
0
5147

Täze möwsüme Türkiýe Respublikasynda taýýarlyk görýän Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr» bu ýerdäki ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Bu duşuşyk Bosnýa we Gersogowinanyň «Mladost» topary bilen boldy. Duşuşyk garşydaş toparyň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini «Mladostyň» hüjümçisi Nikola Mariç geçirdi.

Bu duşuşyk we onuň netijesi barada «Sport1» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň