Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Özbegistanyň AGMK-si bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

20:4102.02.2020
0
8692

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Özbegistanyň AGMK topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi diýip, «championat.asia» habar berýär.

Şu gün Dubaýdaky «Jebel Ali Sport Centre» stadionynda geçirilen duşuşyk 1:0 hasabynda özbek toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Düzüminde milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow hem hem çykyş edýän toparyň ýeke-täk pökgüsini 55-nji minutda gruziýaly hüjümçi Mate Wasadze geçirdi.

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryna taýýarlygyň çäginde milli ýygyndymyzyň Ajmanda (BAE) okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýändigini ýatladýarys. Bu ýerde baş tälimçi, esasan, ýygyndynyň ätiýaçdaky düzümini gözden geçirýär. Mundan ozal türkmen futbolçylary bu ýerde Malaýziýanyň «Johor» (1:2) we BAE-niň «Siti» (4:0) toparlary bilen hem ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler. Olaryň ýygnanyşygy 4-nji fewralda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň